www.odnoklassniki.ru saýtynyň hyzmatlaryny MTS-iň kömegi bilen tölemek

25 Oktýabr 2012

Hormatly müşderiler!
2012-nji ýylyň 1-nji noýabryndan MTS-iň ähli müşderileri üçin www.odnoklassniki.ru saýtynyň hyzmatlaryny tölemek (OK’lar bilen üstüni ýetirmek) mümkinçiliginiň döredilendigini habar berýäris.

ОК’lar – bu, www.odnoklassniki.ru saýtynyň içerki töleg serişdesi (walýutasy) bolup, onuň kömegi bilen Siz bu saýtda aşakda görkezilen goşmaça tölegli hyzmatlary satyn alyp bilersiňiz:
- Göze görünmezlik
- Baha goýmak 5+
- Sowgat bermek we beýlekiler

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, öz loginiňizi we gizlin sözüňizi ulanyp www.odnoklassniki.ru saýtyna gireniňizden soňra, profil fotosuratynyň aşagynda ýerleşýän “Hasabyň üstüni ýetirmek” salgylanmasyna basmaly, ýurdy saýlamaly we görkezilen kody SMS-habar görnüşinde 4646 belgä ugratmaly. Tassyknamany alanyňyzdan soňra, Siziň hasabyňyzyň üsti 30 OK bilen doldurylar.

SMS-ýüz tutmanyň nyrhy – 9,83 manat 
1 ýüz tutma boýunça OK’leriň sany – 30
Ýüz tutmalaryň arasyndaky wagt aralygy – 3 minut

Nyrhlar GGSS hasaba alnyp görkezilendir.
Jikme-jik maglumaty satuw ofislerinde alyp bilersiňiz.
Telefon: +99312 425205, 0890