“Ýene-de bile” hyzmaty edara görnüşli taraplar üçin elýeterdir

04 Maý 2015

Hormatly müşderiler!
2015-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlap “Ýene-de bile” hyzmaty edara görnüşli taraplar üçin hem elýeterdir.
 
Müşderilere derejesine bagly bolmazdan kesgitlenen bahada ýagny 5 manatdan  özleriniň öňki belgilerini dikeltmäge mümkinçilik döredilýär. Ol dikeldilýän belginiň başga müşderi tarapyndan ulanylmazlyk şerti bilen ýerine ýetirilýär. Belgini diňe MTS kompaniýanyň ofislerinde dikeltmeklik mümkindir.
 
Belgini dikeltmek üçin aşakdaky görkezilenler gerekdir:
Eger, siz edara görnüşli tarap bolsaňyz:

- edara görnüşli tarapyň wekiliniň ynanç haty we onuň pasporty; simkartany almak üçin ynanç haty;
- edaranyň haty, ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefonlar.
 
Eger, siz şahsy tarap bolsaňyz:
- pasport.
 
Baha GBÜS hasaba alynyp görkezilendir.
Giňişleýin maglumatlar üçin satuw ofislerine ýüz tutup bilersiňiz.
Telefonlar: 0890, 0990