Müşderi tölegini her aýda almak

27 lýul 2015

“Biznes” toplumynyň nyrh meýilnamalarynyň müşderileri 2015 ýylyň iýul aýynyň 31-den müşderi tölegini almak usulyny saýlap bilerler – her aýda we gündeki.
Müşderi tölegini her aýda almak – bu bütin aý üçin müşderi töleginiň bitewi möçberini almak. 
Nyrh aýyň 1-den giç birikdirilenden/geçilenden soň, we hyzmatyň birinji gezek birikdirilen ýagdaýynda, müşderi tölegini almagyň görnüşi aýyň galan günleriniň sany üçin deňölçegli bolýar. 
Gündeki müşderi tölegini almak – bu müşderi tölegini deň möçberde almakdyr, her aýlyk müşderi töleginiň jemi bir aýda bar bolan günlere bölünýär. 
“Müşderi tölegini her aýda almak usuly” hyzmatyny birikdirmek üçin Möhüm müşderiler bilen işleşmek bölümine ýa-da satuw we hyzmat ediş ofislerine edaranyň resmi kagyzynda ýazylan hat bilen ýüzlenmeli. 
“Biznes” toplumynyň nyrh meýilnamalarynda “Müşderi töleginiň her aýda almak usuly” hyzmatyny birikdirmek üçin sargyt diňe 00:00:01 sagatda indiki gije-gündizde mümkin bolar. Bu ýagdaýda dowam edýän günüň müşderi tölegi hasapdan aýrylar.