«SMART Biznes Pro» täze nyrh meýilnamalaryň toplumy

01 Fewral 2016

“SMART Biznes Pro” täze nyrh meýilnamalaryň toplumy Siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

1.     NYRH MEÝILNAMALARYNYŇ ESASY ARTYKMAÇLYKLARY
·        Her aý minut, SMS we Megabaýt bukjalary berilýär;
·        Müşderiniň içindäki jaňlar we SMS – tölegsiz;
·        Bukjanyň tamamlanmagyndan soň megabaýtyň bahasy – 8 teňňe;
·        Türkmenistan boýunça ähli ulgamlara jaň etmegiň ýeke-täk bahasy;
·        Dünýäniň islendik nokadyndan gelýän jaňlara nyrh hasaplanmaýar.
 
2.     TÄZE NYRH TOPLUMY KIM ÜÇIN NIÝETLENEN ?
Edara görnüşindäki taraplar we telekeçiler üçin.
Telekeçiler üçin hökmany şert – 10 belgiden az birikdirilmeýär, 10 sany we şondan köp belgileri Esasy müşderiler bilen işlemek bölüminiň müdiri bilen ylalaşykda birikdirilýär.
 
3.     TÄZE MEÝILNAMALARY BIRIKDIRMEK ÜÇIN NÄME ETMELI ?
·      “SMART Biznes Pro 15”,  “SMART Biznes Pro 25”,  “SMART Biznes Pro 45” ýa-da “SMART Biznes Pro 105” nyrh meýilnamalaryna täze belgini birikdirmeli.
·      Hereket edýän müşderiler üçin – häzirki nyrh meýilnamasyny täze meýilnama çalyşmaly.
“SMART Biznes Pro” toplumynyň nyrh meýilnamalaryna geçmek tölegsizdir.
 

Birikdirmekde haýsy resminamalar zerur?

Eger Siz telekeçi bolsaňyz:
·        Türkmenistanyň raýatynyň pasporty;
·        Şahsy telekeçileriň ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alyş şahadatnamasynyň göçürme nusgasy;
·        Patentiniň göçürme nusgasy.
 
Eger Siz edara görnüşindäki tarap bolsaňyz:
·        Edara görnüşindäki taraplaryň döwet sanawynda hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
·        Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgasy;
·        Edara görnüşindäki tarapyň wekiliniň ynanç haty we onuň pasporty, sim-kartlary almaga ynanç haty;
·        Guramadan hat, hakyky ýerleşýän salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri.
 
Nyrh meýilnamasyny çalyşmak üçin guramadan hat iberilmelidir.
 
4.     MEÝILNAMALARYŇ ESASY ŞERTLERI

Şertler SMART Biznes Pro 15 SMART Biznes Pro 25 SMART Biznes Pro 45 SMART Biznes Pro 105

Birikdirilende hasaba goýulýan goýum
 
15 25 45 105
Müşderi tölegi (her aýyň 1-nji gününde umumy möçber görnüşinde alynýar) * 15 25 45 105

Birikdirilen ses trafigi (şäher belgilerine, ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna)*
 
250 minut 600 minut 1 000 minut 2 000 minut
Birikdirilen Internet trafigi 50 Mb 100 Mb 200 Mb 400 Mb

Birikdirilen SMS trafigi  (ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna)*
 
100 sany 200 sany 300 sany 500 sany
Müşderiniň içindäki gidýän jaňlar / SMS Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz

Birikdirilen trafikden ýokary gidýän ulgamyň içindäki jaňlar*
 
0,08 manat/min. 0,05 manat/min. 0,05 manat/min. 0,05 manat/min.
Birikdirilen trafikden ýokary gidýän şäher belgilerine, ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna jaňlar 0,08 manat/min. 0,05 manat/min. 0,05 manat/min. 0,05 manat/min.

Türkmenistan boýunça gidýän jaňlar
 
0,20 manat/min. 0,20 manat/min. 0,20 manat/min. 0,20 manat/min.
Ähli girýän jaňlar Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz

Ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna gidýän SMS
 
0,08 manat 0,05 manat 0,05 manat 0,05 manat
Gidýän halkara SMS 0,20 manat 0,20 manat 0,20 manat 0,20 manat

Ulgamyň içindäki gidýän MMS
 
0,20 manat 0,20 manat 0,20 manat 0,20 manat
Birikdirilen trafikden ýokary Internet-trafigiň 1 Mb 0,08 manat 0,08 manat 0,08 manat 0,08 manat

Nyrh meýilnamasyny “SMART S”, “SMART M” meýilnamalaryna çalyşmak
 
Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz Tölegsiz

* Aýyň ortasynda “SMART Biznes Pro” toplumynyň nyrh meýinamalaryna birikdirmek / geçmek üçin trafik tölegi (müşderi tölegi) we her aý trafigi bermeklik (minut, Mb, SMS) aýda galan günleriň sanyna görä gatnaşyga laýyklykda amala aşyrylýar.
 
Bahalar GBüS hasaba almak bilen görkezilendir.
 
 
5.     ULANYLAN TRAFIGI BARLAMAK
Ulanylan trafigi barlamak üçin – *123#1#7#jaň
     
Ulanmak nesip etsin!