“SMART Biznes 15+” we “SMART Biznes 25+” täze nyrh meýilnamalaryň toplumy

23 Sentýabr 2016

“SMART Biznes 15+” we “SMART Biznes 25+”  täze nyrh meýilnamalaryň toplumy Siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
Bu nyrh meýilnamalaryna birikdirmek 2016-njy ýylyň 30-njy sentýabryndan başlanar.
 
  1. NYRH MEÝILNAMALARYNYŇ ESASY ARTYKMAÇLYKLARY
  • Müşderi töleginiň alynmagy pul serişdeleri ýeterlik ýagdaýynda
  • Her aý minut, SMS we Megabaýt bukjalary berilýär;
  • Müşderiniň içindäki jaňlar we SMS – nyrh alynmaýar;
  • Bukjanyň tamamlanmagyndan soň megabaýtyň bahasy – 8 teňňe;
  • Türkmenistan boýunça ähli ulgamlara jaň etmegiň ýeke-täk bahasy;
  • Dünýäniň islendik nokadyndan gelýän jaňlara nyrh hasaplanmaýar.
 
  1. TÄZE NYRH TOPLUMY KIM ÜÇIN NIÝETLENEN?
Edara görnüşindäki taraplar we telekeçiler üçin.
 
  1. TÄZE MEÝILNAMALARY BIRIKDIRMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?
  • “SMART Biznes 15+” ýa-da “SMART Biznes 25+” nyrh meýilnamalaryna täze belgini birikdirmeli.
  • Hereket edýän müşderiler üçin – häzirki nyrh meýilnamasyny täze meýilnama çalyşmaly.
“SMART Biznes” toplumynyň nyrh meýilnamalaryna geçmek üçin nyrh alynmaýar.
 

Birikdirmekde haýsy resminamalar zerur?

Eger Siz telekeçi bolsaňyz:
  • Türkmenistanyň raýatynyň pasporty;
  • Şahsy telekeçileriň ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alyş şahadatnamasynyň göçürme nusgasy;
 
Eger Siz edara görnüşindäki tarap bolsaňyz:
  • Edara görnüşindäki taraplaryň döwet sanawynda hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
  • Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgasy;
  • Edara görnüşindäki tarapyň wekiliniň ynanç haty we onuň pasporty, sim-kartlary almaga ynanç haty;
  • Guramadan hat, hakyky ýerleşýän salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri.
 
Nyrh meýilnamasyny çalyşmak üçin guramadan hat iberilmelidir.
 
  1. MEÝILNAMALARYŇ ESASY ŞERTLERI
Şertler SMART Biznes 15+ SMART Biznes 25+
Birikdirilende hasaba goýulýan goýum 15 man 25 man
Müşderi tölegi (aýda bir sapar alynýar, nyrhnama goşulan wagtyndan/soňky sapar müşderi tölegi saklanyp alnan wagtyndan bellenilýär) * 15 man /aý 25 man /aý
Birikdirilen ses trafigi (şäher belgilerine, ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna)* 600 min /aý 1000 min /aý
Birikdirilen Internet trafigi 150 Мб /aý 300 Мб /aý
Birikdirilen SMS trafigi  (ulgamyň içindäki, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna)* 200 /aý 300 /aý
Müşderiniň içindäki gidýän jaňlar / SMS Nyrh alynmaýar Nyrh alynmaýar
Birikdirilen trafikden ýokary gidýän ulgamyň içindäki jaňlar* 0,08 manat/min. 0,05 manat/min.
Birikdirilen trafikden ýokary gidýän şäher belgilerine, “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna jaňlar 0,08 manat/min. 0,05 manat/min.
Türkmenistan boýunça gidýän jaňlar 0,20 manat/min. 0,20 manat/min.
Ähli girýän jaňlar Nyrh alynmaýar Nyrh alynmaýar
Ulgamyň içindäki gidýän SMS 0,08 manat 0,05 manat
 “Altyn Asyr” we “CDMA” AŞTU ulgamlaryna gidýän SMS 0,08 manat 0,05 manat
Gidýän halkara SMS 0,20 manat 0,20 manat
Ulgamyň içindäki gidýän MMS 0,20 manat 0,20 manat
Birikdirilen trafikden ýokary Internet-trafigiň 1 Mb 0,08 manat 0,08 manat
Nyrh meýilnamasyny meýilnamalaryna çalyşmak Nyrh alynmaýar Nyrh alynmaýar
 
*Müşderi töleginiň alynmagy üçin pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda müşderi tölegi hasapdan aýrylmaýar, aragatnaşyk hyzmatlary berilýär.
Tölegleriň bellenilmegi hasapda müşderi töleginiň alynmagy üçin pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýyndaky töleg bellemelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär:
1 minut – 0,14 manat; 1 SMS – 0,10 manat; 1 MB – 0,20 manat
 
 
Bahalar GBS hasaba almak bilen görkezilendir. 
 
Ulanylan trafigi barlamak üçin – *123#1#7#jaň
      
Ulanmak nesip etsin!